Türkmenistan BMG-niň Halkara kofe güni baradaky rezolýusiýasynyň awtordaşy boldy

  • 11.03.2026 17:11
  • 2.9k+

BMG-niň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara kofe güni diýip yglan etdi. Degişli rezolýusiýa sişenbe güni Nýu-Ýorkda tassyklanyldy. Onlarça ýurt, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystan resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etdi.

Rezolýusiýada kofeniň gelip çykyşyndan başlap, häzirkizaman durmuşyndaky ornuna çenli medeni, durmuş we taryhy ähmiýeti bellenilýär. Resminamada kofeniň diňe bir möhüm oba hojalyk önümi we köp sanly jemgyýetler üçin girdeji çeşmesi bolman, eýsem nesilden-nesle geçip gelýän aragatnaşyk, medeni özüňi görkezmegiň we gündelik däp-dessurlaryň nyşanydygy nygtalýar.

Şeýle hem kofe pudagynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň birnäçesine ýetmekdäki goşandy bellenilýär. Bu ýerde gürrüň açlyga garşy göreş, aşa garyplygy azaltmak, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle hem mynasyp zähmeti we ykdysady ösüşi goldamak barada barýar.

«Kofe diňe bir içgi däl. Dänesinden başlap çaşkasyna çenli kofe millionlarça daýhan hojalyklaryny eklenç bilen üpjün edýän we oba jemgyýetlerini bütin dünýäniň bazarlary bilen baglanyşdyrýan global söwdanyň bir bölegidir» – diýip, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) baş direktory Sýu Dunýuý belledi.

Rezolýusiýa 2025-nji ýylda FAO-nyň Konferensiýasynyň 44-nji sessiýasynda tassyklanylandan soň, Baş Assambleýa hödürlendi. FAO guramasyna Halkara kofe gününi degişli guramalar, şol sanda Halkara kofe guramasy bilen bilelikde geçirmäge ýardam bermek teklip edildi.

Kofe dünýäde iň meşhur içgileriň biri bolmagynda galýar. Soňky onýyllygyň dowamynda dünýäde jan başyna kofe sarp edilişi ýylda ortaça 1,2 göterim ýokarlandy. Bu pudak, takmynan ,25 million daýhany girdeji bilen üpjün edýär we önümçiligiň hem-de söwdanyň ähli tapgyrlarynda iş orunlaryny döredýär. Global kofe senagatynyň umumy ýyllyk girdejisi 200 milliard dollardan geçýär.

2024-nji ýylda dünýäde kofe önümçiligi 11 million tonnadan geçdi. Olardan, takmynan, 8 million tonna kofe dänesi halkara bazarlarynda satyldy. Global önümçiligiň bahasy, takmynan, 25 milliard dollar, kofe däneleriniň global eksporty bolsa, takmynan, 34 milliard dollar boldy.


22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......