Universal meşhur Bon Jovi rok-topary barada film düşürer

  • 13.03.2026 11:04
  • 1k+

Universal studiýasy Bon Jovi rok-toparynyň taryhy barada film düşürmek hukugyny aldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Filmiň ssenarisini «Satoşini öldürmek» («Убить Сатоши») trilleri bilen tanalýan Kodi Brotter ýazar. Bu ekran eseri «Dileglerde ýaşaýarys» («Livin’ on a Prayer») we «Bu meniň durmuşym» («It’s My Life») ýaly dünýä belli hit-aýdymlaryň eýesi bolan toparyň ömür-döredijiligini öz içine alar. Wakalaryň anyk haýsy döwürleri öz içine aljakdygy häzirlikçe mälim edilmedi.

Taslamanyň prodýuserlik işlerini Religion of Sports kompaniýasyndan Kewin J. Uolş we Gotem Çopra amala aşyrarlar. Filmiň režissýory we aktýorlar düzümi entek tassyk edilenok.

Bon Jovi topary 1983-nji ýylda döredildi. Köp ýyllyk karýerasynyň dowamynda topar «Rok we roll şöhrat zalyna» hem-de «Aýdym ýazyjylaryň şöhrat zalyna» girmegi başardy.


düýn 23:54
861

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....