Şwarsenegger 1982-nji ýylda özüni meşhur eden keşbine dolanyp geler

  • 12.03.2026 10:42
  • 6.6k+

Arnold Şwarsenegger «Patyşa Konan» («Король Конан») filminde ýene-de Konan-warwaryň keşbini janlandyrar. «Deadline» neşiriniň habar bermegine görä, bu taslama «20th Century Studios» studiýasy tarapyndan işlenip düzülýär.

Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, «Amala aşyryp bolmajak wezipe» («Миссия невыполнима») seriýasynyň birnäçe filmi bilen tanalýan Kristofer MakKuorri filmiň ssenariçisi we režissýory bolup biler.

Aktýoryň özi bu taslama barada Kolumbus şäherinde geçirilen «Arnold Sports Festival» festiwalyndaky çykyşynda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, filmiň wakalary Konanyň patyşa bolanyndan onlarça ýyl soňra bolup geçer.

Sýužete görä, gahryman takmynan kyrk ýyllap hökümdarlyk edýär, ýöne soňra tagtdan düşürilýär. Konan öz häkimiýetini dikeltmek üçin dolanyp gelmeli bolar. Şwarseneggeriň belleýşi ýaly, filmde «köp sanly akla sygmajak hereketler, zorluklar, jadygöýlik we hyýaly jandarlar» bolar.

Konan gahrymanyny ýazyjy Robert Goward döretdi. Ol ilkinji gezek 1930-njy ýyllarda «Weird Tales» žurnalynda peýda boldy. Konan baradaky ilkinji film 1982-nji ýylda ekranlara çykdy we Şwarseneggeri dünýä derejesindäki kino ýyldyzyna öwürdi. Soňra bu film «Konan-weýran ediji» («Конан-разрушитель», 1984) ady bilen dowam etdirildi.

2011-nji ýylda «Lionsgate» studiýasy baş keşpde Jeýson Momoanyň gatnaşmagynda «Konan-warwar» filmi bilen franşizany täzeden dikeltmäge synanyşdy, emma film seriýany dowam etdirmek üçin ýeterlik derejede üstünlik gazanyp bilmedi.


düýn 23:54
861

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....