Alymlar suw aýylarynyň uzak ýaşamaga jogapkär genini gurçuklara göçürdiler

  • 11.03.2026 19:29
  • 3.8k+

Fransiýanyň CNRS we INSERM ylmy-barlag edaralarynyň, şeýle-de Monpelýe uniwersitetiniň alymlary ylymda täze sahypa açan üýtgeşik tejribe geçirdiler. Tejribede dünýäniň iň çydamly jandary hasaplanylýan suw aýylarynyň (tihohodkalaryň) geni Caenorhabditis elegans diýlip atlandyrylýan gurçuklaryň genomyna göçürildi we netijede olaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak başartdy.

Science Advance žurnalynda çap edilen bu barlaga görä, suw aýylaryndan alnan gen DNK-ny zeperlenmelerden goraýan Dsup belogyny işläp çykarýar. Şunlukda bu gen goşulan gurçuklar kadaly ösmegini, hereketlerini hem-de köpelmek ukybyny saklap, rentgen şöhlelerine we oksidleşme stresine garşy adatdan daşary durnuklylyk görkezýärler.

Dsup belogynyň işleýiş aýratynlygy onuň öýjükleriň adaty goranyş ýollaryny ulanmazdan, göni erkin radikallaryň derejesini peseltmegidir, şeýle hem bu belok mitohondriýalaryň kislorod sarp edişini azaldyp, madda çalşygyny  usullylyk bilen sazlaýar.

Täsin ylmy tejribäniň esasy ähmiýeti bolsa, taryhda ilkinji gezek bir görnüşiň «ölmezlik geniniň» başga bir görnüşe geçirilip, hiç hili zyýanly täsir döretmezden ömri uzaltmagydyr. Alymlar tarapyndan tapylan bu täze we adaty däl usul, gelejekde adamlary güýçli radiasiýadan goramakda, meselem, bejergi maksatly şöhle terapiýasy wagtynda ýa-da uzak möhletli kosmos syýahatlarynda ulanylyp bilinjek tehnologiýalaryň döredilmegine ýol açýar.


şu gün 12:00
2.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.4k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.4k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......