Kamçatkadaky Şiweluç wulkanyndan 8 kilometr belentlige kül sütüni pürküldi

  • 12.03.2026 19:17
  • 4.6k+

Şu gün günortanlar Kamçatkada ýerleşýän Şiweluç wulkanyndan deňiz derejesinden 8 kilometr belentlige çenli uzaboýuna kül sütüni pürküldi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Uzak Gündogar bölüminiň Wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň KVERT topary habar berdi.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, külüň ýaýrawy wulkandan gündogarlygyna 10 kilometr aralyga ýetýär.

Şiweluç wulkany üçin awiasiýa howpunyň «mämişi» kody bellenildi. Bu bolsa wulkanyň atylmagynyň ýerli we halkara uçuşlary üçin howp döredip biljekdigini aňladýar.

Şiweluç Kamçatkanyň iň demirgazygyndaky hereket edýän wulkan hasaplanýar.

Kamçatkanyň iň iri wulkanlarynyň biri bolan bu wulkan 5 müň adam ýaşaýan Klýuçi obasyndan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Alymlar Şiweluçyň ýaşynyň 60–70 müň ýyl töweregidigini çaklaýarlar.


22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......