Barbra Streýzanda Kann kinofestiwalynda hormatly «Altyn palma şahasy» gowşurylar

  • 13.03.2026 07:16
  • 1.8k+

Amerikan aktrisasy we aýdymçysy Barbra Streýzand Kann kinofestiwalynda hormatly “Altyn palma şahasy” bilen sylaglanar. Bu barada festiwalyň guramaçylary habar berdiler.

Baýrak onuň kino we saz sungatyna goşan goşandy üçin gowşurylar. Karýerasynyň dowamynda Streýzand meşhur aktrisa boldy we 37 studiýa albomyny çykardy. Guramaçylar onuň XX asyryň pop medeniýetinde agirt uly täsir galdyrandygyny belleýärler.

"Bu ýyl biz öz sungatynyň güýji we erkinlik ugrunda barlyşyksyz göreşi bilen yz galdyran sungat işgärine hormat goýmak isledik. Zenan hökmünde bu ajaýyp dörediji we batyrgaý raýata haýran galýandygymyzy bildirmek mümkinçiligine eýe bolandygyma begenýärin, onuň göreldesi wagtyň synagyndan geçdi we ylham bermegini dowam edýär" - diýip, festiwalyň prezidenti Aýris Knobloh belledi. Festiwalyň direktory Týerri Fremo Streýzandyň "Brodweýiň we Golliwudyň, mýuzik-holl sahnasynyň we uly ekranyň rowaýata öwrülen sazlaşygyny" özünde jemleýändigini aýdýar. Ol onuň "öz tebigatyny görkezýän taslamalaryň başyny başlaýan sungat işgäridigini” sözüniň üstüne goşdy.

Streýzandyň özi baýragy uly guwanç bilen kabul edýändigini aýtdy: "Häzirki ýeňil bolmadyk döwürde kino biziň umumy adamkärçiligimizi şöhlelendirýän wakalar, şeýle hem ejizligimizi we tutanýerliligimizi ýatladýan garaýyşlar üçin ýüreklerimizi we aňlarymyzy açmaga ukyplydyr. Kino serhetleriň, syýasatyň çäginden çykýar, has rehimli dünýäni kemala getirmekde göz öňüne getirmäniň güýjüni tekrarlaýar".

79-njy Kann kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-23-nji maýy aralygynda geçiriler. Baýraga dalaş etjek filmleriň sanawy 9-njy fewralda yglan ediler.


şu gün 08:26
3.1k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

22.06.2026 23:12
4.3k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......