It eýesiniň irki tapgyrdaky düwnük keselini lukmanlardan öň duýup halas etdi

  • 12.03.2026 15:14
  • 4.8k+

Beýik Britaniýadaky Kent graflygynyň Hedkorn obasynyň ýaşaýjysy 70 ýaşly Kollin Fergýuson özüniň Inka atly nemes owçarkasynyň öýken ragyny wagtynda anyklamaga kömek edendigini aýdýar.

Daily Star neşiriniň ýazmagyna görä, zenanyň iti özüni adatdakydan üýtgeşik alyp baryp, esasanam eýesiniň dem alşyna aýratyn üns beripdir.

Fergýusonyň gürrüň berşi ýaly, şol wagtlar iki ýaşyndaky owçarka birnäçe hepdeläp, yzly-yzyna eýesiniň ýüzüne golaý durmaga we onuň demindäki howany ysgamaga çalşypdyr. Bu ýagdaýa biynjalyk bolan eýesi dişlerini barlatmak we umumy barlagdan geçmek üçin lukmana ýüz tutupdyr. Geçirilen barlaglaryň netijeleri saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny görkezipdir.

Itiniň barybir geňsi hereketlerini dowam etmegi zerarly Fergýuson birnäçe aýdan soň organizmini doly barlatmak kararyna gelýär. Tiz wagtdan lukman onuň çep öýkeninde golf pökgüsiniň ululygynda çişiň bardygyny habar berýär. Soňra diagnoz takyklanýar we ol birinji tapgyrdaky rak keseliniň alamaty bolup çykýar.

70 ýaşly zenan aram-aram agyr ýadawlykdan başga ynjalyksyzlyk duýmandygyny, ony bolsa öz ýaşy hem-de mugallymçylyk işi bilen baglanyşdyrandygyny gürrüň berýär. Şeýlelikde 2015-nji ýylyň tomsunda Fergýusonyň çişini aýyrmak üçin operasiýa geçirýärler. Şowly amala aşan operasiýadan soňra goşmaça bejergi almak hem gerek bolmaýar.

Zenan hirurgyň şol wagtlarky özüne: «Bu keseli birinji tapgyrda anyklamak bize-de başardanok. Siziň janyňyzy itiňiz halas etdi» diýen sözlerini ýatlaýar.

Kollin Fergýusonyň wepaly iti häzir 13 ýaşynda. It eýesiniň duýdansyz dörän saglyk meselelerinden soňky başyndan geçiren gorky we ynjalyksyz ýagdaýlarynda kömek etmek üçin ýörite tälim hem aldy.


şu gün 00:03
708

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....