ABŞ Green Card lotereýasyna gatnaşmagyň düzgünlerini ýene-de üýtgedýär

  • 13.03.2026 11:51
  • 8.8k+

ABŞ-nyň häkimiýetleri grin-kart (Green Card) lotereýasyna gatnaşmagyň düzgünlerini üýtgetmegi meýilleşdirýär. Täze talaplar 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde güýje girip biler we olar eýýäm «DV-2027» utuşy üçin ulanylar. Bu mümkin bolan özgerişlikler barada ABŞ-nyň Federal sanawy (Federal Register) habar berdi.

Täze taslama görä, «Diversity Visa» maksatnamasyna gatnaşmak üçin taraplardan hereket edýän daşary ýurt pasportynyň bolmagy talap ediler. Arzany tabşyran wagtynda pasportyň maglumatlaryny görkezmek we onuň suratly sahypasynyň skanirlenen nusgasyny (elektron görnüşini) ýüklemek gerek bolar. Bu maglumatlar bolmasa arza kabul edilmez. Kadadan çykmalar diňe käbir aýratyn şahslar (meselem, raýatlygy bolmadyklar) üçin göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem, arza tabşyrmak üçin 1 dollar möçberinde simwoliki töleg girizmek teklip edilýär. Mundan başga-da, sowalnamany doldurmak üçin berilýän wagty 30 minutdan 90 minuta çenli köpeltmek meýilleşdirilýär.

Maksatnamanyň düzgünlerinde käbir adalgalar hem üýtgedilip biler. Meselem, «gender» we «ýaş» sözleriniň deregine «biologik jyns» we «doglan senesi» ýaly has takyk sözleri ulanmak teklip edilýär. Ilçihanalar üçin gözükdirijilerde bolsa dalaşgärleriň maglumatlaryny has düýpli barlamak borjy berkidiler.

Gatnaşyjylar üçin üýtgemeýän talaplar:

1.Bilim derejesini görkezmeli;

2.Maşgala agzalaryny we ýanýoldaşyny dogry bellemeli;

3.Ilçihanalardaky söhbetdeşlikde bu maglumatlary tassyklamaly;

4.Iňlis dilini bilmek şert däl.

ABŞ-nyň häkimiýetleriniň maglumatyna görä, «DV-2025» utuşy wagtynda 2,5 milliona golaý şübheli we gaýtalanýan arzalar anyklanypdyr. Täze çäreler galplyklary we gaýtadan hasaba durmak synanyşyklaryny azaltmaga gönükdirilendir.

Grin-kart (Green Card) — bu ABŞ-da hemişelik ýaşamaga hukuk berýän resmi şahsyýetnamadyr. Ol ýurtda çäklendirmesiz işlemäge, durmuş ýeňilliklerinden peýdalanmaga we geljekde raýatlyk üçin arza bermäge mümkinçilik berýär.

Bilşimiz ýaly, «DV-2026» utuşy üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy (ol 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 7-nji noýabryna çenli dowam etdi). Indiki utuş «DV-2027» bolar, onuň takyk seneleri häzirlikçe resmi taýdan yglan edilmedi.


10.06.2026 16:26
5.4k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......