Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi

  • 12.03.2026 23:05
  • 8.7k+

«Kanadanyň Toronto şäherinde howply ekologik ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň dowamynda köçelerden çykarylan äpet gar topbagy daşky gurşawa zyýan ýetirmek howpuny salýar» diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Ýanwar aýynda şähere bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 58 santimetr ýagyn düşüp, rekord derejedäki gar hasaba alyndy. Kommunal gulluklar ýollardan, ýanýodalardan we welosiped ýodalaryndan 264 müň tonna gar çykardylar we şäher çetinde topbaklap goýdular.

Şäheriň demirgazyk-günbataryndaky meýdançalaryň birinde takmynan 200 inedördül metr meýdany tutýan 144 müň kub metr gar saklanýar. Bu üýşmekler häzir hem eremän dur.

Gar massasy diňe buzdan ybarat bolman, onuň düzüminde ýol duzy, antifriz, motor ýagy, hojalyk zibilleri we beýleki hapalaýjy maddalaryň garyndysy hem bar.

Şäher gulluklary möwsümde 130 müň tonnadan gowrak duz ulandylar. Hususy awtoduralgalarda we ýollarda ulanylan reagentleriň bolsa hasaby-da näbelli.

Toronto uniwersitetiniň ekologiýa boýunça professory Donald Jeksonyň we doktor Loren Lousonyň geçiren barlaglary howply ýagdaýy ýüze çykardy. Netijede barlag geçirilen ýerleriň 30%-indäki hlorid konsentrasiýasynyň suwdaky organizmleriniň köpüsi üçin heläkçilikli derejä ýetendigi mälim boldy. Käbir ýerlerde bu görkeziji hatda deňziň suwundakydan hem ýokary boldy.

Eger bu garlar erese, düzümindäki duz hiç hili arassalanmazdan göni suw ulgamlaryna aralaşar. Maýylganlyk bu ýagdaýy has-da kynlaşdyryp, toplanan ähli hapalaýjylary derýalara we beýleki suw howdanlaryna akdyryp äkider.


şu gün 15:05
2.6k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

03.06.2026 12:21
9.3k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

21.05.2026 13:01
8.2k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......