Türkmenistanyň Adalat ministrligi hukuk namalarynyň «Adalat» elektron toplumyna elýeterliligi giňeltdi

  • 13.03.2026 15:26
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Adalat ministrligi ýurduň kadalaşdyryjy hukuk namalary baradaky maglumatlary, olara girizilen soňky üýtgetmeleri we goşmaçalary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny işläp düzdi. Bu programma 2018-nji ýyldan bäri hereket edýär we ol fiziki hem-de ýuridik şahslaryň ulanmagy üçin niýetlenendir.

Häzirki wagtda ulgamyň materiallaryna ministrligiň resmi saýty bolan minjust.gov.tm arkaly elýeterli bolmak mümkin. Ulanyjylar elektron maglumat toplumynda jemlenen täzelenen hukuk resminamalary bilen tanşyp biler.

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny law.minjust.gov.tm subdomeninde onlaýn platforma arkaly ulanmak mümkinçiligi döredildi. Fiziki şahslara ulgama girmek üçin telefon belgisini girizmek, maglumatlaryň nusgalyklaryny taýýarlamagyň we ýaýratmagyň düzgünleri bilen tanyşmak, soňra bolsa razylygyny tassyklamak zerurdyr.

Ondan soň ulanyjy öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we pasport belgisini görkezýär, şeýle hem bir gezeklik kod arkaly ulgama girmegi tassyklaýar. Şundan soň, ulgam ony degişli tölegi amala aşyrmak üçin degişli bank edarasynyň onlaýn töleg sahypasyna ugrukdyrýar.

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň onlaýn platformasyna elýeterlilik tölegli esasda amala aşyrylýar. Ulgamdan peýdalanmak bellenen nyrh boýunça bir aýlyk töleg edilenden soň mümkindir. Töleg her bir ulanyjy tarapyndan aýratynlykda amala aşyrylýar.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......