Minskdäki halkara kitap sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Güni guralar

  • 12.03.2026 18:22
  • 2.1k+

17–22-nji mart aralygynda Minsk şäherinde XXXIII Halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre GDA giňişligindäki iň iri kitap forumlarynyň biridir. Belta agentliginiň habar bermegine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň tematiki günleriniň çäginde Türkmenistan hem öz maksatnamasyny hödürlär.

Türkmenistanyň Güni 20-nji martda forumyň merkezi sahnasynda Özbegistanyň Güni bilen bilelikde geçiriler. Umuman, ýarmarka 23 ýurtdan 500-e golaý eksponentiň gatnaşmagyna garaşylýar.

GDA-nyň her bir ýurduna milli edebiýatyň we täze neşirleriň görkezilmegi üçin aýratyn meýdança berler. Merkezi ekspozisiýa Arkalaşygyň ýurtlarynyň neşirýat we edebi taslamalaryna, şeýle hem olaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyga bagyşlanar.

Forumyň maksatnamasynda «Ýazyjy we döwür» atly halkara edebiýatçylar simpoziumy, awtorlaryň okyjylar bilen duşuşyklary, täze kitaplaryň tanyşdyrylyşy, awtograf-sessiýalar we neşirýat pudagynyň wekilleriniň gürrüňdeşligi göz öňünde tutulýar. Aýratyn meýdançalar çagalar edebiýatyna, bilim taslamalaryna we kitap neşirinde sanly başlangyçlara bagyşlanar.

Ýarmarkada Belarusyň Maglumat ministrligi birnäçe täze kitaplary, şol sanda «Мастацкая літаратура» neşirýatynyň «GDA halklarynyň ertekileri» atly kitabyny, şeýle hem «Беларусь» neşirýaty tarapyndan taýýarlanan belarus şahyrlary Ýanka Kupalanyň, Ýakub Kolasyň we Maksim Bogdanowiçiň GDA ýurtlarynyň dillerindäki eserleriniň ýygyndysyny hödürlär.

Sergi her gün sagat 10:00-dan 19:00-a çenli açyk bolar. Açylyş dabarasy 17-nji martda sagat 12:00-da geçiriler.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......