Döwletliler köşgüniň okuwçysy Leýli Möwlamowa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» boldy

  • 12.03.2026 10:01
  • 5.1k+

11-nji martda Aşgabatda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bäsleşikde Döwletliler köşgüniň okuwçysy Leýli Möwlamowa baş baýragy aldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralan bu bäsleşige welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän zehinli gyzjagazlaryň 15-isi gatnaşdy.

Bäsleşigiň esasy maksatlary ýaş nesliň sungata we döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, şeýle-de milli edep-ekramy we amaly-haşam sungatyna bolan hormaty wagyz etmekden ybarat boldy.

Jemleýji tapgyra gatnaşyjylar üç şert boýunça özara bäsleşdi. Olar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli lybaslary geýip, olary şahyrana sözler bilen wasp etmek ýaly ugurlar boýunça öz ukyplaryny görkezdi. Gyzjagazlaryň çykyşlarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhy, ýurtda alnyp barylýan tutumly işler, mähriban eneler hem-de bahar pasly wasp edildi.

Bäsleşigi guraýjy düzümleriň wekillerinden, belli medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary gyzjagazlaryň çykyşlaryna, el işlerine mynasyp baha berdi. Eminler toparynyň biragyzdan gelen çözgüdine laýyklykda, Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň 4-nji synp okuwçysy Leýli Möwlamowa bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy we «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» diýlip yglan edildi.

Şeýle-de, aýratyn tapawutlanan gyzjagazlara «Mahmal owazly», «Milli zynatly», «Çeper waspçy», «Watançy», «Şahandaz», «Saýrak dilli», «Şirin owazly», «Eli hünärli» gyzjagazlar ýaly atlar we baýraklar berildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar çagalar hakyndaky yzygiderli aladalary üçin ýurt ýolbaşçylaryna öz minnetdarlyklaryny bildirdi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......