Serdar Berdimuhamedow awçylyk pudagynda ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi tabşyrdy

  • 13.03.2026 23:39
  • 11k+

Türkmenistanyň Hökümetinde awçylyk we awçylyk serişdelerini goramak ulgamynda gözegçiligi amala aşyrýan döwlet inspektorlary üçin hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Bu başlangyç «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan amala aşyrylýar. Degişli teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere ýurtda ätiýaçlandyryşyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek ugrundaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.6k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......