Täze britan banknotlarynda Çerçilliň portreti kirpiler we torsuklar bilen çalşyrylyp bilner

  • 12.03.2026 19:07
  • 6.3k+

Angliýanyň Banky täze nesil banknotlaryň dizaýnyny üýtgetmegi we taryhy şahsyýetleriň, şol sanda Uinston Çerçilliň şekillerinden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Olaryň ýerine kagyz pullarda Beýik Britaniýanyň ýabany tebigatynyň wekilleri peýda bolup biler. «Bloomberg» neşiriniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda kirpiler we torsuklar ýaly haýwanlaryň şekillerine seredilýär.

Şeýle çözgüt 44 müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilen jemgyýetçilik maslahatlaşmalaryndan soň kabul edildi. Angliýanyň Bankynyň maglumatyna görä, tebigat mowzugy bezeg üçin hödürlenen teklipleriň arasynda iň meşhury boldy. Taryhy şahsyýetler bolsa üçünji orny eýeledi.

«Tebigat — banknotlaryň hakykylygyny anyklamak nukdaýnazaryndan örän gowy saýlama bolup, bu biziň indiki tapgyrda Beýik Britaniýanyň ýabany tebigatynyň baý hem-de giň köpdürlüligini görkezip biljekdigimizi aňladýar» – diýip, Angliýanyň Bankynyň baş kassiri Wiktoriýa Kleland belledi.

Agentlik dizaýnyň üýtgemeginiň britan banknotlarynyň ösüşiniň nobatdaky tapgyry boljakdygyny nygtaýar. Soňky ýyllarda düzgünleşdiriji edara kagyz pullary galp ýasamak has kyn bolan polimer pullar bilen çalşyrypdy.

Ýeri gelende bellesek, Beýik Britaniýada nagt pullaryň ulanylyşy ep-esli derejede azaldy: eger 2014-nji ýylda ähli tölegleriň, takmynan, 48 göterimi nagt pullarda amala aşyrylan bolsa, 2024-nji ýyla çenli bu görkeziji, takmynan, 9 göterime düşdi.


04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.2k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....