Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

  • şu gün 07:29
  • 117

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi.

Kitap bu abraýly baýraga mynasyp bolan ilkinji mandarin dilindäki eser boldy. Roman taýwanly terjimeçi Lin King tarapyndan iňlis diline terjime edildi. Eser ilkinji gezek 2020-nji ýylda neşir edildi.

Bu roman Taýwanyň Ýaponiýanyň hökümdarlygy astynda bolan 1930-njy ýyllaryň ahyryndaky ýapon ýol ýazgylarynyň çeper terjimesi hökmünde görkezilýär. Ýordum iki zenanyň ada eden aşpezlik syýahatyna esaslanýar.

Baýragyň guramaçylary kitabyň kolonializm, agalyk, synpy tapawutlar we söýgi temalaryna degýändigini belleýärler.

Baýragyň düzgünlerine görä, 50 000 funt sterling möçberindäki baýrak gaznasy awtor bilen terjimeçiniň arasynda deň paýlanýar. Ýene-de gysga sanawa düşen eserleriň hersine 5 000 funt sterlingden berilýär.

Şeýle hem bu ýylky finalçylaryň sanawyna şu aşakdaky eserler girdi:

"Tähranda gijeler asuda" (The Nights Are Quiet in Tehran), Şida Bazýar, Germaniýa

"Şol, galan zenan" (She Who Remains), Rene Karabaş, Bolgariýa

"Režissýor" (The Director), Daniel Kelman,  Germaniýa 

"Ýer ýüzünde bolşy ýaly" (On Earth As It Is Beneath), Ana Paula Maýa,  Braziliýa 

"Albassy", Mari Ndiaý, Fransiýa.

Halkara "Buker" baýragy her ýyl daşary ýurtly awtoryň iňlis diline terjime edilip, Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen eseri üçin berilýär. Baýrak häzirki görnüşinde 2016-njy ýyldan bäri gowşurylýar.


13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

30.04.2026 19:50
2.6k+

Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr....

18.04.2026 11:57
4.3k+

Alymlar Şekspiriň Londondaky öýüni tapdylar

XVII asyra degişli tapylan karta Wilýam Şekspiriň Londondaky öýüniň ýerleşýän ýerini anyklamaga mümkinçilik berdi....