The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

  • 13.05.2026 19:49
  • 1.6k+

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky konserti boldy.

Binanyň ýedi gatyny 2027-nji ýyla çenli muzeýe öwürmek meýilleşdirilýär. Bu desga ozal hem şäheriň iň bir belli ýerleriniň biri hasaplanýardy, ýöne syýahatçylara onuň içine girmäge rugsat berilmeýärdi.

Pol Makkartni BBC News kanalyna beren interwýusynda toparyň muşdaklarynyň, adatça, Ebbi-Rouda gelýändiklerini we diňe köçede durup bilýändiklerini, munuň bolsa ulag hereketine päsgel berýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, içine girip bolýan muzeý «ajaýyp pikir». Ringo Starr bolsa muzeýiň açylmak meýilnamalary barada: «Bu edil öýüňe dolanmak ýaly bir duýgy» diýip teswir berdi.

The Beatles öňünden yglan edilmedik «üçekdäki konsertini» 1969-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda berdi. Şol wagt sazandalar soňlugy bilen iň soňky albomynyň esasyny düzen aýdymlaryň taýýarlygyny we ýazgylaryny geçirýärdi. Ses ýazgy etme prosesi tutuşlygyna wideo düşürildi. Bu garaşylmadyk konsertiň täze albomyň we oňa goşulýan filmiň çür depesi bolmagy meýilleşdirilipdi. Ýöne iş wagtynda sazandalaryň arasynda ýygy-ýygydan düşünişmezlikler we dawalar ýüze çykansoň, wideomateriallary şol wagt dolulygyna köpçülige ýaýratmazlyk kararyna gelindi.

Üçekdäki çykyş 40 minut töweregi dowam etdi we Londonyň merkezinde uly seslenme döretdi. Binanyň töweregine ýoldan geçip barýan adamlaryň uly mähellesi ýygnanyp, şol ýerdäki ähli işler bökdedi. Käbir nägile ýaşaýjylar polisiýa jaň etdi we polisiýa işgärleri gelenden soň topar konsertini bes etmeli boldy. Sazandalar jemi bäş sany aýdymy ýerine ýetirdi, olaryň käbiri gaýtalandy.

Çykyşyň ýazgysy uzak wagtlap diňe bölekleýin görnüşde saklanypdy we muşdaklaryň arasynda resmi däl görnüşlerde ýaýrapdy. 2022-nji ýylda ol ilkinji gezek resmi taýdan dolulygyna – «Get Back — The Rooftop Performance» albomy çykaryldy. Ondan bir ýyl ozal bolsa, «Get Back» taslamasynyň çäginde režissýor Piter Jekson toparyň ýazgylarynyň we çykyşynyň doly hronikasyny özünde jemleýän sekiz sagada golaý dowam edýän filmi taýýarlady.

Sewil-Rou köçesindäki ýedi gatly binada ýerleşjek muzeýiň 2027-nji ýylda açylmagyna garaşylýar. Onuň eýýäm resmi saýty hem hereket edip başlady.


düýn 17:31
795

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

düýn 13:03
3.3k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

01.06.2026 20:16
5.7k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

28.05.2026 10:55
683

Spotify-da indi ony ulanan tutuş döwrüň diňleme statistikasyny görüp bolýar

Spotify striming hyzmaty platformanyň 20 ýyllygy mynasybetli «Your Party of the Year(s)» atly täze funksiýasyny hödürledi. Ol ulanyjylara öz akkauntlaryny açyp, ulanan tutuş döwri üçin şahsy statistikalary......