Sýurihli alymlar süňkleri dikeltmek üçin gidrogel döretdiler

  • 11.03.2026 21:31
  • 2.2k+

Sýurih uniwersitetiniň alymlary gidrogel implantatynyň kömegi bilen süňk dokumasyny dikeltmegiň täze tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu materialyň 97 göterimi suwdan ybarat bolup, ol želeni ýatladýan gurluşa eýedir.

Işläp düzmäniň esasy aýratynlygy — gidrogeliň süňküň içki gurluşyny gaýtalaýan çylşyrymly şekilleri emele getirip bilýänligidir.

Süňk döwüklerini we şikeslerini bejermekde ulanylýan adaty usullardan tapawutlylykda, täze material organizmiň dokumalary bilen ýakyn täsirleşmäge ukyply bio-ugurdaş gurluş bolup durýar. Tehnologiýa lazeriň kömegi bilen gidrogeli 500 nanometre çenli ýokary takyklykda we sekuntda 400 mm tizlikde «çap etmäge» mümkinçilik berýär. Geliň düzümindäki ýörite molekulalar lazer şöhlesiniň täsiri bilen gerekli ýerlerde derrew gataýar, şöhle düşmedik bölekleri bolsa ýumşaklygyna galyp, soňra aňsatlyk bilen aýrylýar.

Degişli barlaglar süňk öýjükleriniň bu gurluşa işjeň aralaşyp, süňk dokumasynyň möhüm bölegi bolan kollageni işläp çykaryp başlaýandygyny görkezdi. Bu oýlap tapyş eýýäm patentleşdirildi. Indiki tapgyrda gidrogeli «AO Research Institute Davos» instituty bilen bilelikde haýwanlarda synag etmek meýilleşdirilýär.


şu gün 12:00
2.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 17:08
10k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......