Dünýäniň sungat bazary iki ýyllyk pese gaçyşdan soň ýene-de ösüş görkezdi

  • 13.03.2026 17:17
  • 1.3k+

Art Basel we UBS tarapyndan hödürlenen täze hasabata görä, 2025-nji ýylda dünýäde sungat predmetleriniň satuw möçberi 4% ýokarlanyp, 59,6 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa satuwlaryň iki ýyllap pese gaçmagyndan soň, bazaryň aram ýagdaýda dikelendiginiň alamatydyr.

Hasabatda bellenilişi ýaly, köpçülikleýin auksionlarda sungat predmetleriniň satuwy 9% ýokarlanyp, 20,7 milliard dollara, dilerlik pudagynda bolsa 2% ýokarlanyp, 34,8 milliard dollara ýetdi.

Global satuwlaryň 76%-i ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Hytaýyň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ öňdebaryjy global sungat bazary hökmünde ornuny saklap galdy, dünýä satuwynyň 44%-i bu ýurduň paýyna düşdi. Bu bir ýyl ozalkydan 1% köpdür.

Beýik Britaniýa 18% paý bilen ikinji orny eýeleýär, Hytaý bolsa 14% bilen üçünji orunda galdy.

2025-nji ýylda onlaýn satuwlaryň möçberi 9,2 milliard dollar bolup, 2019-njy ýyldan bäri iň pes derejä düşdi. Dilerler sanly ulgamlar arkaly amala aşyrylýan satuwlaryň paýynyň hem ep-esli azalandygyny belleýär.

Umuman, sanly söwdalaryň paýy ýyllyk hasabynda 3% peselip, sungat bazarynda umumy satuwyň 15%-ine deň boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyldaky 25%-lik iň ýokary derejeden 10% pes bolsa-da, 2019-njy ýyldaky pandemiýadan öňki 9%-lik derejeden ýokary bolmagynda galýar diýlip, hasabatda bellenilýär.


04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....