14k+

Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer

Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan filmlerdäki ähli trýuklaryny (tilsimleri) pensiýa çykýança özi ýerine ýetirer. Ol dublýor ýa-da kaskadýor ulanmagy meýilleşdirmeýär diýip, «Deadline» neşiri habar berýär. Şeýle-de aktýor pensiýa çykmaga howlukmaýar...

5.3k+

“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder

Maýkl B. Jordanyň oýnamagyndaky “Krid” trilogiýasynyň serial görnüşinde dowamy surata düşüriler. Prime Video akym hyzmaty “Delfi” atly täze taslamany bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär. Serialyň sýužeti doly göwrümli “Krid” filmlerinden belli bolan Delphi sport zalynda türgenleşik geçýän ýaş boksçylara bagyşlanar...

3.6k+

Netflix aýdymçy Madonnanyň durmuşy barada kiçi serial taýýarlaýar

Aýdymçy Madonna we Netflix akym hyzmaty täze bir taslamanyň - artistiň durmuşy we karýerasy barada kiçi serialy döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu seriala “Diýseň geň işler” serialy we “Dedpul we Rosomaha” filmi bilen tanalýan Şon Lewi prodýusserlik eder...

4.3k+

Ženewada seýrek mawy göwher 21,5 mln dollara satyldy

Seýrek mawy göwher Mediterranean Blue Ženewada geçirilen Sotheby’s auksionynda 21,5 mln dollara satyldy. Bu barada auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. Agramy 10,03 karat bolan ýiti mawy reňkli göwher işjeň söwda getirdi...

3.5k+

Ýapon režissýor iPhone 16 Pro-da gysgametražly film düşürdi

Apple-yň YouTube kanalynda Kann kinofestiwalynyň baýragynyň eýesi, ýaponiýaly režissýor Hirokadzu Koreedanyň ýolbaşçylygynda iPhone 16 Pro-da düşürilen 28 minutlyk film peýda boldy. Gysgametražly film flagman enjamyň «kinematografiki režiminiň» nämelere ukyplydygyny görkezýär...

5.4k+

Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy resmi taýdan täze Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi – bu hatarda iň inçe smartfondyr. Smartfonyň ýogynlygy 5,85 mm, agramy 163 g barabar. Ol täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,7 dýuýmlyk QHD+ displeýine eýe boldy...

5k+

ABŞ-da Oskar atly pişik uzak aralyga bökmekde rekord eýesi boldy

Oskar atly ýedi ýaşly pişik dünýäde pişikleriň arasynda iň uzyn böküşi ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Oskar beýiklige böküp, howada 2,58 metr aralygy geçdi. Pişik Dallasyň (ABŞ) ýaşaýjysy Teodor Şillse degişli...

3.9k+

“Ýewrowideniýe – 2025-iň” finalyna çykan ilkinji 10 ýurt belli boldy

13-nji maýda Şweýsariýanyň Bazel şäherinde “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji ýarym finaly geçirildi. Oňa 15 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Tomaşaçylaryň ses bermeginde finala olardan 10 aýdymçy çykdy diýip, bäsleşigiň metbugat gullugy habar berdi...

3.1k+

Bahreýn Wenesiýa binagärlik biennalesiniň baş baýragyny aldy

19-njy Wenesiýa binagärlik biennalesiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Iň gowy milli pawilýon üçin baş baýragy – “Altyn ýolbarsy” Heatwave taslamasy üçin Bahreýn aldy. Bu taslamanyň ýolbaşçysy binagär Andrea Faraguna boldy...

16k+

Saud Arabystanynyň The Line «ýatan gökdiräni» sebitiň howasyny üýtgedip biler

Saud Arabystanynda alnyp barylýan birnäçe megataslama sebitiň howa şertlerine oňaýsyz täsir edip biler. Şol taslamalaryň biri hem geljekde Neom tehnologik toplumynyň paýtagty boljak «The Line» şäher-binasydyr diýip, klimat meseleleri boýunça bilermen Donald Wublza salgylanyp, «Financial Times» habar berýär...

1.6k+

78-nji Kann kinofestiwaly açyldy

Sişenbe güni Kann şäherinde 78-nji halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Ol 13-nji maýdan 24-nji maý aralygynda dowam eder. Kinofestiwalyň esasy baýragy – “Altyn palma şahasy” eýýäm festiwalyň rezidensiýasyna eltildi...

6.9k+

“Minecraft kinoda” filminiň onlaýnda çykjak senesi yglan edildi

"Minecraft kinoda" (“Minecraft в кино”) filmi 13-nji maýda onlaýn ýagdaýda görkeziler. Bu barada Warner Bros studiýasyna salgylanýan WhenToStream portaly habar berdi. Filmiň sýužeti hyýaly inedördül dünýä düşýän dört gahrymanyň töwereginde ýaýbaňýar...

3k+

Google Android-de gözleg wijetiniň dizaýnyny üýtgetdi

Google kompaniýasy Android-de gözleg wijetiniň dizaýnyny täzeledi. Indi smartfonyň baş ekranyndaky gözleg paneli has giňeldi we döwrebap boldy. Ol Material 3 Expressive konsepsiýasyna laýyk gelýär – bu geljekki Android wersiýalarynda ulanyljak täze wizual stildir...

1.8k+

Nvidia Hytaý üçin aýratyn täze emeli aň prosessoryny döretdi

Nvidia Hytaý üçin H20 emeli aň çibiniň ýönekeýleşdirilen görnüşini taýýarlaýar. Bu barada Reuters agentligi ýagdaý bilen tanyş bolan üç çeşmä salgylanyp habar berýär. Çözgüt ABŞ tarapyndan çibiň asyl modeliniň eksportyna çäklendirme girizilenden soň kabul edildi...

14k+

«Ahyrky nokatdaky» 71 ýaşly kaskadýor aýal «ot alyp», rekord goýdy

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» (Пункт назначения: Кровные узы) filminiň döredijileri dünýä rekordyny goýandyklaryny öňe sürýärler. Filmiň surata düşürilýän mahaly, 71 ýaşly kaskadýor aýal «oda berildi». Şeýlelikde, ol kameranyň öňünde «ýanan» iň garry adam boldy...