“Kalmar oýny” serialy tomaşa boýunça ýene Netflix-iň rekordyny döwdi

  • 03.07.2025 22:36
  • 6.3k+

“Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsümi Netflix-de täze rekord goýdy. Serial çykandan soň ilkinji üç günüň içinde 60,1 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýlip, platformanyň habarynda aýdylýar. Tomaşa etmegiň umumy wagty 368 mln sagatdan geçdi.

Möwsüm başky üç günüň netijesi boýunça Netflix-iň iňlis dilli däl seriallarynyň arasynda meşhurlygy boýunça dokuzynjy boldy. Şeýle-de, ilkinji onluga birinji we ikinji möwsümler gaýdyp geldi. Serial 93 ýurduň reýtinglerinde ilkinji orunlary eýeledi.
Ikinji möwsüm çykan wagty dört günde 68 mln tomaşa bilen başlap, hususan-da, 2022-nji ýylda degişli döwrüň içinde 50,1 mln tomaşa ýygnan “Uensdeý” serialyndan öňe geçdi.
Netflix üçünji möwsümiň alty bölüminiň ählisini 27-nji iýunda bir wagtda hödürledi.
Rotten Tomatoes saýtynyň maglumatlaryna görä, ahyrky möwsüm tankytçylardan 79% oňyn ses aldy. Tomaşaçylaryň bahasy pes boldy – 50%. IMDb-de ortaça reýting 6,8 bal bolup, käbir bölümler 7,4 – 8,7 bal aldy.
The Guardian internetde serialyň iňlis dilli wersiýasyny düşürmek mümkinçiliginiň maslahatlaşylýandygyny belleýär. Gürrüňlere görä, ony Dewid Finçer düşürip biler. Mundan başga-da, ol Kwentin Tarantinonyň ssenarisi boýunça “Günlerde bir gün… Golliwudda” filminiň dowamyny döretmäge gatnaşar.


23.06.2026 22:06
916

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......