Telegram-da maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan funksiýa peýda boldy

  • 05.07.2025 06:34
  • 3.2k+

Telegram messenjerinde maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan ýerli mehanizm peýda boldy. Täze funksiýany ilkinji bolup «Kod Durowa» sahypasynyň redaksiýasy ýüze çykardy. Mundan ozal şol sahypa Telegram-da faktçekingiň işe girizilip bilinjekdigi barada habar beripdi, indi bolsa onuň işleýändigini tassyklaýan ilkinji subutnama peýda boldy.

Telegram topary bu barada entek resmi düşündiriş bermedik bolsa-da, täze mehanizm käbir kanallarda eýýäm peýda bolup başlady. Mysal üçin, We TON atly jemgyýetçilik kanaly «Panorama» neşirinden Pawel Durowyň messenjeri taşlamagy meýilleşdirýändigi baradaky satiriki habary paýlaşdy. Şol habaryň aşagynda «Faktlaryň barlagy» diýen bellik peýda boldy we ondan maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigi düşündirildi. Şeýle-de ýörite bölümde Telegram-yň wekilleriniň bu habaryň ýalanlygyny tassyklaýandygy görkezilýär.

Bu funksiýanyň ornaşdyryljakdygy barada «Kod Durowa» eýýäm 2024-nji ýylyň maý aýynda habar beripdi. Şonda ýazylan maglumatlara görä, habarlaryň barlagyny ýöriteleşdirilen agentlikleriň amala aşyrjakdygy we ulanyjylaryň bu prosese goşulyp bilmejekdigi aýdylýardy.
Şeýle-de bolsa, bu funksiýa häzirlikçe kämil işlemeýär. Ilkibaşda ulanyjylar «Faktlaryň barlagy» bloguny islendik habara goşup bilýärdiler. Munuň üçin şeýle bellikli habary başga bir çata ugratmak, awtorlygyny öçürmek, redaktirlemek we täzeden paýlaşmak ýeterlikdi. Bu ýalňyşlyk eýýäm düzedildi, ýöne gysga wagtyň içinde ulanyjylar köp sanly galp «ýalana çykarylan» memleri döretmäge ýetişdiler.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...