YouTube gözlegiň netijelerinde AI-synlary synag edip başlady 

  • 02.07.2025 00:55
  • 1.8k+

YouTube gözlegiň netijelerine AI-niň döreden gysgaça mazmunyny goşýan täze funksiýany synap başlady. Ilkibaşda ol diňe ABŞ-daky ykjam enjamlarda YouTube Premium-yň ulanyjylary üçin elýeterli bolar.

Işledilende gözlegiň netijeleri esasy wideony, beýleki wideolaryň miniatýuralaryny we AI-niň döreden tekst synyny görkezýär. Täzelik söwda, syýahat we gözel ýerler bilen baglanyşykly sowallary öz içine alýar. Işleýiş ýörelgesi Google gözleg ulgamyna bireýýäm ornaşdyrylan AI Overviews tehnologiýasyna meňzeýär.
Mundan hem başga, YouTube wideonyň mazmuny boýunça sowal bermäge mümkinçilik berýän başga bir AI guralyna girişi giňeltdi. Öň ol diňe Premium-yň abonentleri üçin elýeterli bolsa, indi ABŞ-daky käbir adaty akkaunt eýeleri üçin hem elýeterli.
Funksiýanyň beýleki sebitlere ýaýrajak wagty barada entek maglumat ýok.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......