PNG formaty 20 ýyldan soň ilkinji gezek täzelendi. Indi ol HDR-y, animasiýany we Exif-i goldaýar

  • 01.07.2025 19:27
  • 2.7k+

PNG formaty 20 ýyldan soň ilkinji resmi täzelenmesini aldy. Oňa ýokary dinamiki diapazonly (HDR) şekilleri goldamak mümkinçiligi goşuldy. Şeýle ýagdaýda faýlyň ölçegi bary-ýogy 4 baýt artýar.

Şeýle hem standart ilkinji gezek resmi taýdan APNG formatyny (Animated PNG) ykrar etdi. Ozal bu format resmi däl giňeltme hökmünde ulanylýardy. Indi işläp düzüjiler animasiýaly PNG-ni GIF formatynyň ornuna çäklendirme bolmazdan ulanyp bilerler. APNG goldawy Firefox we Chrome ýaly brauzerlere eýýämden ornaşdyryldy.
Mundan başga-da, PNG formaty indi Exif metamaglumatlaryny-da saklap bilýär – bu JPEG formatyndaky ýaly işleýär. Bu mümkinçilik suratyň düşürilen wagtyndaky sazlamalary, awtorlyk hukuklaryny we GPS koordinatlaryny saklamaga mümkinçilik berýär.
Täze funksiýalar häzirki wagtda meşhur programmalaryň we ulgamlaryň köpüsinde goldanýar: Google Chrome, Safari, Firefox, Adobe Photoshop, Affinity Photo, Krita, macOS we iOS. Munuň üçin aýratyn täzelenmeleri göçürip almak zerur däl, laýyklyk spesifikasiýa derejesinde üpjün edilýär.
Işläp düzüjiler täzelenmäniň öňki säwlikleri düzedýändigini we PNG formatyny häzirki zaman talaplaryna laýyk getirýändigini belläp geçdiler. Täze spesifikasiýanyň taýýarlanyşyna Adobe, Apple, BBC, Google we W3C ýaly kompaniýalar gatnaşdy.

şu gün 22:13
40

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......