Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

  • 01.07.2025 14:08
  • 8k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler. Kinorežissýorlar wizual effektleri, arhiw suratlaryny ulanarlar, şeýle hem aktýoryň doganlary Kaleb bilen Kodi Uolkeriň kömeginden peýdalanarlar diýlip çaklanylýar. Dipfeýk tehnologiýasynyň ulanmagy hem mümkindir.
Öňki bölümleriň birinde eýýäm Kodi Uolkeriň gatnaşmagynda döredilen gahrymanyň sanly görnüşi bardy.
Dizel soňky bölümiň ilkinji filmiň atmosferasyna gaýdyp geljekdigini belläp geçdi: tomaşaçylar köçe ýaryşlaryna, gijeki Los-Anjelese we sazlanan awtoulaglara garaşyp bilerler.
Ozal režissýor Lui Leterýe ilkinji görkezilişiň 2026-njy ýylda - asyl “Forsažyň” çykmagynyň 25 ýyllygyna meýilleşdirilendigini habar beripdi.
“Forsaž-10” 340 million dollarlyk býujet bilen dünýäde 522 million dollardan gowrak girdeji gazandy, ýöne kassa ýygymy boýunça ýedinji we sekizinji bölümlerinden yza galdy. Şol bir wagtyň özünde, diňe “Doganlar Super Mario kinoda” filminden yza galyp, 2023-nji ýylyň filmleriniň arasynda deslapky kassa ýygymlary boýunça ikinji ýeri eýeledi.


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....