Maýkl Jordanyň goly goýlan kartoçka 2,5 mln dollara satyldy

  • 03.07.2025 10:29
  • 4.3k+

Basketbolçy Maýkl Jordanyň awtografy bolan “Fleer Michael Jordan rookie card” toplumyndan kolleksiýa kartoçkasy Joopiter auksionynda 2,5 mln dollara satyldy. Bu barada ESPN habar berýär.

Bu Maýkl Jordanyň üçünji iň gymmat kartoçkasy boldy. Rekord geçen ýylyň tomsunda Upper Deck Ultimate Collection toplumyndan 2,92 mln dollara satylan kartoçka degişlidir.  
“Fleer Michael Jordan rookie card” toplumy 1986-njy ýylda çykaryldy we kolleksionerleriň arasynda iň gymmatly sport toplumlarynyň biri hasaplanýar. Ol Jordanyň NBA-daky ilkinji çykyş eden ýyly bilen gabat gelmese-de, örän meşhur boldy.
Jordan 1984-nji ýylda “Çikago Bullzda” oýnap başlady. Toplum bolsa gijräk, Jordan ýyldyz bolandan soň çykdy. “Rookie” (Öwrenje) ady marketing maksatlary bilen ulanyldy, sebäbi täze oýunçylaryň kartoçkalary aýratyn gymmatly hasaplanylýardy.
Adatça, Jordanyň goly bolmadyk kolleksiýa kartoçkalarynyň bahasy 100 – 200 müň dollara barabar. Gol çekilen kartoçkalar bolsa seýrek bolup, bahasy bir million dollardan geçýär. 

şu gün 22:13
21

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......