“Lilo we Stiç” “Minecraft-dan” öňe geçip, ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy

  • 05.07.2025 18:46
  • 3.3k+

“Lilo we Stiç” remeýki bütin dünýäde 957,6 mln dollar ýygnap, 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan golliwud filmi boldy. Ol “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi diýip, Deadline habar berýär.

Film eýýäm altynjy hepde prokatda bolup, 1 mlrd dollar görkezijisine golaýlaýar. Eger kassa ýygymy artmagyny dowam etdirse, ol 2025-nji ýylyň bu çäge ýeten ilkinji filmi bolup biler.
Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň içerki bazarynda “Minecraft” öňdebaryjy bolmagynda galýar – onuň bu ýerde kassa ýygymy “Lilo we Stiçiň” 403,7 mln dollary bilen deňeşdireniňde, 423,9 mln dollara barabar. Bular şu ýylda amerikan bazarynda 400 mln dollar görkezijisine ýeten ýeke-täk taslamalardyr.
Neşiriň maglumatlaryna görä, “Lilo we Stiçe” tomaşa edenleriň 60%-den gowragy zenanlar. Köp bazarlarda, şol sanda Fransiýada we Meksikada film 2025-nji ýylda iň köp girdeji gazanan film boldy. Şeýle-de, Latyn Amerikasynda we Meksikada ol taryhda Disney-iň iň üstünlikli live-action kartinasy boldy.  
2002-nji ýylyň asyl multfilmi öz döwründe dünýäde 274,7 mln dollar gazandy. Geçen ýyllarda ol Disney+-de hite öwrüldi: ulanyjylar asyl wersiýany we onuň bilen bagly taslamalary görmek üçin 579 mln sagat sarp etdi. Diňe birinji bölüm 306 mln sagat tomaşa ýygnady.  


düýn 19:16
2.2k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

düýn 14:38
634

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

düýn 10:37
1.4k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....

23.04.2026 21:04
1.9k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......