Iň uly Mars meteoriti 4 mln dollara satylar

  • 05.07.2025 18:35
  • 5.1k+

Mälim bolan Mars meteoritlerinden iň ulusy – NWA 16788 2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Sotheby’s auksionyna çykarylar. Onuň çen-takmyn bahasy 4 mln dollara barabar diýip, CNN habar berýär.

Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, meteoritiň agramy 25,4 kg bolup, bu ony Ýerde tapylan, takmynan, 400 Mars böleginiň arasynda iň ulusy edýär. Deňeşdirmek üçin, ululygy boýunça indiki meteoritiň agramy 70% az.

“NWA 16788 – bu adatdan daşary möhüm açyş we häzire çenli Ýerde tapylan iň uly Mars meteoriti. Kosmosdaky syýahaty bilen birneme dargasa-da, onuň ululygy we özboluşly gyzyl reňki ony nesilde bir gezek duşýan tapynda öwürýär” – diýip, Sotheby’s auksionynyň ylym we tebigy taryh boýunça wise-başlygy Kassandra Hetton belledi.

Seljerme meteoritiň uly asteroidiň urgusy netijesinde Marsyň üstünden zyňlandygyny görkezdi. Ýokary temperatura sebäpli onuň üstüniň bir bölegi eräp, aýna öwrülipdir.
Şeýle gymmatly obýektiň ylmy edara berilmän, satuwa çykarylmagy käbir hünärmenlerde alada döredýär. Ýöne Lester uniwersitetiniň Kosmos we astronomiýa institutynyň ylmy işgäri Juliýa Kartraýtyň belleýşi ýaly, bu ylalaşygyň bir bölegi: “Eger şeýle meteoritler tapylmadyk bolsa, bizde öwrenmek üçin şonça material bolmazdy we häzir bilýän zatlarymyzy bilmezdik. Üstesine-de, NWA 16788-e bolan ylmy gyzyklanma saklanýar, onuň eýesi hem ony öwrenmäge gyzyklanma bildirip biler – şonuň üçin biz ýene ylmy maglumatlary alarys”.


19.05.2026 16:54
9.4k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......