Türkmenistanyň muzeýleri wirtual syýahat ulgamyny ornaşdyrýar we Rimde arheologik sergä taýýarlyk görýär

  • 05.07.2025 18:15
  • 2.4k+

Türkmenistanyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şunda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýän myhmanlaryň mobil telefonlarynyň üsti bilen gymmatlyklar bilen tanyşmaklary üçin döwrebap QR-kodlaryň ornaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, arheologlar tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýüze çykarylýan tapyndylar doly öwrenilenden soň, döwlet muzeýlerine yzygiderli tabşyrylýar.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň maýynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammitde Italiýanyň Rim şäherinde “Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar” atly arheologik sergini guramak barada beýan eden başlangyjyndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutany wise-premýere halkymyzyň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, olary ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......