Dubaýa aerotaksi hyzmatyny ýola goýmak üçin ilkinji köpçülikleýin Joby elektrik uçary gowşuryldy

  • 03.07.2025 14:59
  • 5.2k+

Joby Aviation kompaniýasy Dubaýa özüniň ilkinji köpçülikleýin dik uçuş we gonuş elektrik uçaryny (eVTOL) iberdi. Aerotaksiniň täjirçilik hyzmaty 2026-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär. Häzir kompaniýa birnäçe uçuş synaglaryny tamamlap, logistikany işlemäge girişdi. Ýakyn wagtda geljekki ugurlar boýunça görkeziş uçuşlary meýilleşdirilýär.

Dubaý Joby bilen howa taksilerini ulanmak barada alty ýyllyk aýratyn şertnama baglaşdy. Taslama Dubaýyň Ýol we ulag edarasy (RTA) tarapyndan goldanylýar. Uçuş we gonuş üçin ilkinji meýdançalar Dubaýyň halkara howa menzilinde we Palm-Jumeýra adasynda peýda bolar.
Munuň bilen birlikde Joby şahadatnamalaşdyrmagyň soňky tapgyryna ygtyýarnama (TIA) almak üçin ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa edarasy (FAA) bilen iş alyp barýar. Bu tapgyrda uçuş synaglary FAA-nyň uçarmanlary tarapyndan geçirilýär.
Joby-nyň müdirler geňeşiniň başlygy Pol Skiarra Dubaýda 43°C töweregi bolan ýokary temperaturanyň tehniki kynçylyklary döredýändigini belledi. Ol elektrik uçarda mikroklimaty saklamak üçin aýratyn klimat-gözegçiligini talap edýär. Mundan başga-da, mehanikleriň we uçuş ekipažlarynyň okuwyny tamamlamaly.
Bäş orunlyk elektrik uçary tizligini 320 km/sag çenli artdyryp, bir zarýadda 240 km çenli uçýar. Joby-nyň maglumatlaryna görä, sesiň derejesi adaty uçardan 100 esse pes.
Şeýle-de, kompaniýa wodorod-elektrik uçarlaryny synagdan geçirýär: olaryň biri ýakynda 842 km uçup geçdi. 


düýn 11:47
6.3k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....