Nýu-Ýorkda drona garşy täze Iron Drone Raider tehnologiýasy döredildi

  • 05.07.2025 18:56
  • 8k+

Nýu-Ýorkuň şäher polisiýa bölümi American Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Iron Drone Raider atly täze drona garşy ulgamy ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Ulgam howplary kesgitlemek üçin gijeki görüş kameralary we emeli aň algoritmleri bilen enjamlaşdyrylan awtonom tutujy-dronlary ulanýar diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Ulgamyň esasy aýratynlygy – torly duzaklary we paraşýutlary ulanyp dronlary tutmakdyr. Bu çemeleşme dronlaryň emläge zeper ýetmezden ýa-da adamlara şikes salmazdan zyýansyzlandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Lazer gurnamalaryndan we elektron söweş ulgamlaryndan tapawutlylykda, Iron Drone Raider pytran bölekleriň düşmegini aradan aýyrýar we dronyň bitewiligini saklaýar, bu bolsa soňraky derňew üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Ulgam doly özbaşdak we gije-gündiziň dowamynda işleýär. Tutujylar tizligini sagatda 120 km-e ýetirýärler. Kewlar sapak torlary, hatda hereketli nyşanalaryň hem ygtybarly tutulmagyny üpjün edýär. Tutulandan soň, düşen ýeriniň koordinatlary awtomatiki usulda iň ýakyn patrullyga geçirilýär.
Federal aňtaw gullugynyň habaryna görä, diňe geçen ýylyň dekabr aýynyň özünde Nýu-Ýorkyň möhüm desgalarynyň golaýynda dronlaryň peýda bolmagy bilen bagly 5000-den gowrak ýagdaý hasaba alyndy. Synag şertlerinde ulgam 500 metre çenli aralykdan täjirçilik dronlarynyň 98% -ini saklap, netijelidigini subut etdi.
Ulgam ýakyn aýlarda şäher şertlerinde synagdan geçiriler diýlip garaşylýar. Bilermenleriň pikirine görä, rugsatsyz uçurylýan dronlaryň barha çynlakaý meselä öwrülip barýan şertlerinde Nýu-Ýorkyň başlangyjy beýleki megapolýuslar üçin nusga bolup biler. Sekiz saklaýjydan ybarat doly toplum Nýu-Ýorkuň býujetine azyndan 200 000 dollara düşer.


şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......