“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy surata düşürilip başlandy

  • 02.07.2025 14:03
  • 4.3k+

“Melgun Prada geýýär 2” filmi resmi taýdan surata düşürilip başlandy. Filmde öz keşplerine Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gaýdyp geldi. Şeýle-de, olaryň hataryna Kennet Brana goşuldy, ol Miranda Pristliniň adamsynyň keşbini ýerine ýetirer.

“Melgun Prada geýýär” filmi režissýor Dewid Frenkeliň Loren Waýsbergeriň adybir kitabyna esaslanýan komediýa dramasy bolup, iň abraýly moda žurnallarynyň birinde işe başlaýan gyz barada gürrüň berýär. Film tankytçylar we tomaşaçylar tarapyndan oňyn garşylandy.
Filmiň dowamynyň sýužeti boýunça, henizem “Podium” žurnalynyň ýolbaşçysy wezipesini eýeleýän Miranda Pristli metbugat pudagyndaky çökgünlik bilen göreşer. Pristliniň öňki kömekçisi Emili indi žurnalda mahabatlandyrylýan kaşaň brendleriň kompaniýasynda ýolbaşçy bolup işleýär.
Enn Heteueýiň ýerine ýetirmeginde Endiniň hereketleri barada maglumat berilmeýär.
“Melgun Prada geýýär 2” filminiň ssenariçileri hökmünde Dewid Frenkel we Elin Broş çykyş eder. Prodýuser Karen Rozenfelt bolar. Film 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda daşary ýurt prokatyna çykar.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......