BTS topary harby gullukdan soň ilkinji albomy we konsert syýahatyny anons etdi

  • 04.07.2025 18:56
  • 4.9k+

BTS K-pop topary harby gulluk sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň döredijilik işine gaýtadan başlady. Topar täze albomyň üstünde işläp başlandygyny we onuň reliziniň 2026-njy ýylyň ýazyna meýilleşdirilendigini aýtdy diýip, CNN habar berýär.

Anons Hybe kompaniýasyna degişli bolan Weverse platformasynda göni ýaýlymda edildi. Oňa toparyň ýedi agzasynyň ählisi gatnaşdy: Kim Sok-çin (Jin), Pak Çi-min (Çimin), Çon Ho-sok (Jeý-Houp), Kim Nam-jun (RM), Kim The-hýon (Wi), Çon Jon-guk (Çonguk) we Min Ýun-gi (Şuga). Bu olaryň 2022-nji ýylyň sentýabryndan bäri ilkinji bilelikdäki ýaýlymy boldy.
Topar albomy ýazmaga ABŞ-da eýýäm şu aýda başlar. Olaryň aýtmagyna görä, täze albom toparyň ähli agzalarynyň pikirlerini we garaýyşlaryny şöhlelendirer.
Mundan başga-da, BTS 2026-njy ýylda başlajak dünýä boýunça konsert syýahatyny anons etdi. Bu soňky dört ýylda ilkinji syýahat bolar. Geljekki albom Proof ýygyndysyndan (2022), ýapon dilindäki BTS, the Best albomyndan (2021) we Be studiýa albomyndan (2020) soň ilkinji reliz bolar.

Belläp geçsek, Günorta Koreýada işe ukyply 18 – 28 ýaş aralygyndaky ähli erkek adamlar 18 aýdan 21 aýa çenli harby gullugy geçmeli. 

şu gün 22:13
21

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......