Aýdymçy Bob Dilan öz çeken suratlary bilen kitap çykarar

  • 05.07.2025 18:38
  • 3.6k+

18-nji noýabrda Simon & Schuster neşirýaty amerikaly sazanda, şahyr we ýazyjy Bob Dilanyň Point Blank (Quick Studies) ady bilen kitap-albomyny çykarar.

Kommersant neşiriniň habar bermegine görä, neşire sazanda tarapyndan 2021-2022-nji ýyllarda döredilen 100-e golaý gara-ak suratlar girer. Ilkibaşda bu suratlar has uly suratlar üçin eskiz hökmünde göz öňünde tutulypdy.
Suratlaryň arasynda portretler, natýurmortlar, şäher peýzažlary we gündelik sahnalar bar. Hususan-da, kitapda rolikli aşyk-magşugy we karaoke aýdýan erkek adamy görmek bolýar.
Dilan surat çekmek bilen eýýäm köp ýyl bäri meşgullanýar. Onuň işleri Self Portrait we Planet Waves albomlarynyň daşynda peýda boldy. 2007-nji ýylda ol Drawn Blank ady bilen ilkinji sergisini geçirdi.
Kitap Chronicles: Volume One ýatlamalarynyň audio görnüşi bilen ugurdaş çykar. Ony aktýor Şon Penn seslendirer.
Bob Dilan soňky 60 ýylda pop-medeniýetde esasy şahsyýetleriň biri hasaplanýar. Ol 2016-njy ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. 2022-nji ýylda Sony Music kompaniýasy onuň ähli ýazgylary, şol sanda geljekki relizleri üçin hukuk satyn aldy. Şertnamanyň bahasy aýdylmaýar.

şu gün 06:07
221

«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň iň gowy psihologik triller filmlerini saýlady

«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň dowamynda ekrana çykan iň gowy 10 sany psihologik trilleriň reýtingini neşir etdi. Sanawyň birinji ornuny režissýor Kristofer Nolanyň «Başlangyç» (Inception, 2010) filmi......

şu gün 00:48
651

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

düýn 21:06
3.7k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

düýn 17:12
3.8k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....