“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” filminiň global premýerasy boldy

  • 05.07.2025 17:59
  • 3k+

4-nji iýulda “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň global premýerasy boldy. Ol dinozawrlaryň janlanmagy baradaky meşhur seriýanyň täze bölümidir. ABŞ-da film 2-nji iýulda çykdy, häzir bolsa dünýädäki kinoteatrlarda elýeterli.

“Galkynyş” franşizanyň täze wersiýasynyň dördünji bölümidir. Waka “Agalyk” filminiň finalyndan bäş ýyl soň bolup geçýär. Sýužet boýunça, alymlar we harby işgärler topary täze güýçli derman döretmek üçin DNT-lerini öwrenmek maksady bilen iň uly dinozawrlaryň gözlegine ugraýar.
Baş keşpleri Skarlett Ýohansson (“Ar alyjylar”), Manuel Rulfo (“Linkoln aklawçy”), Jonatan Beýli (“Ferrari”) we Luna Bleýz (“Manifest”) ýerine ýetirdi. Režissýor “Nägehanlar” (2010), “Godzilla” (2014) we “Dörediji” (2023) filmleri bilen tanalýan Garet Edwards boldy.
The Hollywood Reporter neşiriniň maglumatlaryna görä, filmiň býujeti, takmynan, 180 mln dollar boldy. Gaýtadan başlanan franşizanyň 2018-nji ýylda çykan ikinji bölümi hem şonça mukdara düşüpdi. Şol bir wagtyň özünde, Universal Pictures studiýasy çykdajylary azaltmaga synanyşdy, ýöne marketingi hem hasaba alanyňda, umumy çykdajylar, insaýderleriň hasaby boýunça, 330-400 mln dollara ýetip biler.
Seriýanyň öňki filmleri dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan gowrak ýygnady. Ähtimal, kompaniýa “Galkynyşdan” hem şeýle üstünlige bil baglaýan bolsa gerek. 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......