Gün ulgamynda täze ýyldyzara obýekt peýda boldy – bu gözegçiligiň taryhynda üçünji

  • 05.07.2025 18:48
  • 5k+

Astronomlar Gün ulgamyndan uçup geçýän “ýyldyzara obýekt” bolup çykan täze kometanyň üstüni açdy. Bu gözegçiligiň taryhynda şular ýaly üçünji asman jisimi boldy diýip, Ars Technica ýazýar.

3I/ATLAS (A11pl3Z) adyny alan kometa, takmynan, dört aýdan Güne golaý geler, şondan soň Gün ulgamyny hemişelik terk eder.
Häzir A11pl3Z Ýupiteriň orbitasynda ýerleşýär. Kometa adamzat üçin howp salmaýar – ol Ýerden 1,6 astronomiki birlik aralykdan (Gün bilen planetamyzyň arasyndaky ortaça aralyk) uçup geçer. Oktýabrda ol Marsyň orbitasynda bolar. Bu hem onuň tebigatyny düýpli öwrenmäge mümkinçilik berer. Häzir diňe onuň diametriniň 20 km ýetip biljekdigi belli.
Obýekt ilkinji gezek 25 – 29-njy iýunda Gawaýlardaky we Günorta Afrikadaky teleskoplary ulanýan ATLAS ulgamy tarapyndan ýygnalan maglumatlarda duş geldi. 1-nji iýulda bolsa onuň barlygy NASA we Halkara astronomiýa birleşigi tarapyndan tassyklandy. Soňra olara Ýewropanyň kosmos agentligi goşuldy.
Hasaplamalara görä, A11pl3Z Günüň grawitasiýa meýdanynyň daşyndan gelen bolmaly. Onuň tizligi, takmynan, 245 000 km/sag barabar. Asman jisimi has uzyn traýektoriýa boýunça hereket edýär we Ýer üçin howp salmaýar. Ol dekabr aýynda Günüň beýleki tarapynda bolar.
Ozal astronomlar ýyldyzara Oumuamua asteroidini (2017) we Borisow kometasyny (2019) hasaba aldy. Olaryň ikisi-de, aýratynam, Oumuamua ylmy çekişmelere getirdi. Onuň çilim ýaly şekili we traýektoriýasy obýektiň emeli gelip çykyşy baradaky çaklamalara sebäp boldy.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......