Oleg Kononenko Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirer

  • 02.11.2025 20:34
  • 9.5k+

Russiýanyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasy tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenkonyň Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellenendigini habar berdi. Türkmenistanda doglan O.Kononenko mundan öň merkeziň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi. Ol täze wezipäni 2025-nji ýylyň 10-njy noýabryndan ýerine ýetirip başlar.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) dünýä indi. Ol raketa-kosmiki pudagynda inženerçilikden başlap, Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) topar serkerdesi derejesine çenli ýeten halkara derejeli kosmonawt.
Kononenko dünýä kosmonawtika taryhyna rekord eýesi hökmünde girdi. 2008–2024 ýyllar aralygyndaky bäş kosmos uçuşynyň dowamynda ol umumylykda 1110 gün 14 sagat 58 minut 37 sekunt wagt kosmosda bolmak boýunça dünýä rekordyny goýdy.
Şeýle hem, 2023–2024 ýyllardaky bäşinji uçuşynda Nikolaý Çub bilen bilelikde: 373 günlük üznüksiz kosmos uçuşynyň rekordyny goýdular.
Öz uçuşlary döwründe Kononenko 7 gezek açyk kosmos çykdy. Açyk kosmosda umumylykda 44 sagat 30 minut işledi.
Oleg Kononenko öz taýýarlygy we hyzmatlary üçin Türkmenistanda ýokary döwlet sylaglary - «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni (2009), Türkmenistanyň Gahrymany we «Altyn Aý» medaly (2019) bilen sylaglandy.


şu gün 11:16
230

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 16:11
1.5k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

düýn 14:36
2.3k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

düýn 14:04
2.3k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......