Ilon Maskyň täze kompaniýasynyň ady kosmosdan görner

  • 14.10.2025 13:20
  • 7.5k+

Ilon Mask ozal Microsoft-yň garşydaşy hökmünde yglan edilen täze Macrohard kompaniýasy barada gürrüň berdi. Milliarderiň aýtmagyna görä, kompaniýanyň işi emeli aň we Tennessi ştatynyň Memfis şäherindäki Colossus II superkompýuteri bilen berk baglanyşykly bolar.

“Biziň maksadymyz gönüden-göni fiziki harydy öndürmekden başga ähli zady edip biljek, şol bir wagtyň özünde-de muny, Apple-iň öz enjamlarynyň önümçiligini başga kompaniýalara tabşyryşy ýaly, gytaklaýyn gazanmak mümkinçiligine eýe boljak kompaniýany döretmekdir” – diýip, Mask belledi. Şeýle-de, ol Colossus II superkompýuteriniň ýerleşýän binasynyň üçeginiň suratyna teswir berdi. Onda uly harplar bilen täze kompaniýanyň ady ýazylan.

Ozal milliarder üçekdäki Macrohard ýazgysynyň “kosmosdan görner ýaly derejede” uly boljakdygyny aýdypdy.
Mask eýýäm EA bilen meşgullanýan xAI kompaniýasyna eýeçilik edýär. Bu kompaniýadan tapawutlylykda, Macrohard diňe EA üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamaga gönükdirilen firma hökmünde döredilýär. 


düýn 16:54
7.1k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.3k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......