Erkek adam öz garažynyň kölegesiniň kömegi bilen Ýeriň tekiz däldigini görkezdi

  • 20.10.2025 17:30
  • 10k+

Dünýäde Ýeriň tekizdigine ynanýan adamlar häli-häzirem ýeterlik. Pikir soraşmalara görä, diňe ABŞ-nyň özünde 2022-nji ýylda ýaşaýjylaryň 11%-i şeýle pikirdedi. Reddit ulanyjylarynyň biri öz garažynyň wideo gözegçilik kamerasyny ulanyp, olaryň pikirini üýtgetmek kararyna geldi.

Gizmodo neşiriniň habar bermegine görä, erkek adam tutuş bir ýyllap garažynyň salýan kölegesini ýazga alyp, soňra bu kadrlardan taýmlaps döretdi. Wideoda kölege burçunyň kem-kemden üýtgäp, ýerde sekizligiň şekilini suratlandyrýandygy görünýär. Bu hereket analemma – egri çyzyk bolup, ol ýylyň dowamynda günüň bellibir wagtynda syn etseň, Günüň asmanda ýerini üýtgedýändigini görkezýär.
Şeýle ýagdaý Ýeriň okunyň 23,5° gyşarmagy we Ýeriň Günüň daşynda elliptik orbita boýunça aýlanmagy sebäpli ýüze çykýar. Şu sebäpli asmanda Günüň beýikligi her gün sähel üýtgeýär: tomusda Gün ýokarda, gyşda pesde bolýar, bu hem sekizligiň şekilini döredýär.
Awtoryň düşündirişi ýaly, eger Ýer tekiz bolan bolsa, kölege göni çyzyk boýunça hereket edip, uzynlygyny we ýagdaýyny hiç haçan üýtgetmezdi. 


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

22.04.2026 14:35
8.2k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......

16.04.2026 17:18
3.5k+

Britaniýalylara mugt elektrik energiýasy hödürlener

Şu tomusda Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyny has köp ulanmak üçin şert dörediler. Bu çäre mawy energiýa çeşmelerinden alynýan toguň aşa köpelmegi sebäpli energiýa ulgamyna düşýän agramy......