Britaniýalylara mugt elektrik energiýasy hödürlener

  • 16.04.2026 17:18
  • 3.5k+

Şu tomusda Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyny has köp ulanmak üçin şert dörediler. Bu çäre mawy energiýa çeşmelerinden alynýan toguň aşa köpelmegi sebäpli energiýa ulgamyna düşýän agramy azaltmak maksady bilen amala aşyrylar.

​«The Guardian» neşiriniň habar bermegine görä, «Neso» operatory şemal we Gün stansiýalarynyň iň ýokary öndürijilikli wagtynda hojalyklary köp tok sarp edýän enjamlary ulanmaga höweslendirmegi meýilleşdirýär. Ulanyjylardan kir we gap-gaç ýuwýan enjamlary işledip, elektromobilleri hem şol bir wagtda zarýadlamak haýyş ediler.

​Energiýa üpjünçileri belli bir sagatlarda elektriki arzanladylan bahadan, hatda mugt hödürläp bilerler. Şeýle usul energiýa ulgamynyň deňagramlylygyny saklamak üçin ilkinji gezek ulanylýar.

​Mundan ozal, 2019-njy ýylyň dekabrynda 2 million hojalyga iň az sarp edilýän sagatlarda pes nyrhly tarifler berlipdi. Indi bolsa, «Neso» bu çäräniň kömegi bilen elektrik energiýasyna bolan isleg örän pes wagtynda şemal we Gün desgalaryny mejbury ýagdaýda öçürmek üçin öndürijilere uly möçberde öwez puluny tölemekden gutulmagy niýet edinýär.

​Şeýle-de bolsa, umumy energetika ýagdaýy durnuksyzlygyyna galýar. Ýangyç bahalarynyň gymmatlamagy sebäpli, 2026-njy ýylyň iýul aýyndan başlap, ýyllyk elektrik tölegleriniň 2000 funta çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

​Muňa garamazdan, öňümizdäki tomus möwsümi taryha girip biler. Çünki onda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň rekord derejä ýetmegi bilen bir hatarda, ýurduň energiýa ulgamynyň taryhda ilkinji gezek wagtlaýynça sap ekologik taýdan arassa (kömürturşy gazsyz) elektrik energiýasy bilen doly işlemegine garaşylýar.


19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......