Ýewropany yssy gurşap aldy: Birnäçe ýurtda howa howpunyň iň ýokary derejesi yglan edildi

  • 01.07.2025 17:09
  • 7.6k+

30-njy iýunda Ýewropada aşa yssy howa boldy, temperaturanyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşylýar. Ispaniýada, Portugaliýada, Italiýada, Fransiýada, Germaniýada we Beýik Britaniýada howa duýduryşlary yglan edildi. Gyzgynlygyň iň ýokary derejesiniň 2-nji iýulda bolmagyna garaşylýar, şondan soň ýagyş ýagyp, howa sähel gowşap biler.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde (+42°C) bolmak bilen, X sosial ulgamynda “Aşa yssy howwa indi seýrek hadysa däl – ol täze kada öwrüldi” diýip ýazdy.
BSGG-niň Ýewropadaky ofisiniň başlygy Gans Klýuge ilatyň gowşak toparlary üçin töwekgelçilikleriň bolup biljekdigini duýdurdy.
Fransiýanyň günortasynda möwsümiň ilkinji uly tokaý ýangynlary döräp, günortada 400 gektar tokaýy ýok etdi. Parižde raýatlar üçin salkyn howany üpjün eder ýaly suw desgalary işleýär. 1-nji iýuldan ýurtda yssy howa sebäpli howa howpunyň iň ýokary, gyzyl derejesi girizildi. Météo-France milli meteogullugynyň maglumatlaryna görä, ol paýtagt sebitinde we 15 departamentde hereket eder. Ýene 68 departamentde mämişi dereje yglan edildi.
Fransiýanyň çäginiň köp böleginde temperatura +34°C-dan ýokary bolar, töwekgelçilikli zolaga girýän käbir sebitlerde bolsa +38…+41°C çenli ýokarlanar. Atlantik kenarynyň demirgazygy häzirlikçe töwekgelçilikli zolaga girmeýär.

“Gyzyl duýduryş derejesi dowamlylygy, güýçlüligi we geografiki gurşawy boýunça aýratyn, aşa yssy tolkuny aňladýar. Ol ilatyň ähli toparlarynyň saglygyna düýpli täsir edýär” – diýip, Météo-France belleýär.

Gullugyň maglumatlaryna görä, 30-njy iýunda gije we gündiz Fransiýada gözegçiligiň bütin taryhynda iýun aýynda iň yssysy boldy: gije temperatura +28°C-dan aşak düşmedi.
Portugaliýa +43°C bilen ýedi okrugda gyzyl derejäni yglan etdi.
Ispaniýada meteorologlar 1950-nji ýyldan bäri 29-njy iýun üçin rekord ortaça temperaturany (+28°C) hasaba aldy.
Italiýa 21 şäherde “gyzyl” derejäni girizdi, ýurduň demirgazygynda bolsa çabga Bardonekkýada suw joşmasyna we adam pidasyna getirdi.
Türkiýede tokaý ýangynlary sebäpli 1,5 müň ýaşaýjy ewakuasiýa edildi we Izmiriň howa menzili wagtlaýyn ýapyldy.
Beýik Britaniýadaky Uimbldon ýaryşynda temperatura +30°C-a golaýlady, bu hem ýaryş üçin rekord bolmaga ýakynlaşýar.
Germaniýada haýwanat baglary haýwanlary buz bilen “sowadýar”. Häkimiýetler derýalardan suw almagy çäklendirmeli boldy. 


18.06.2026 09:51
2.9k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

15.06.2026 15:47
10k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

15.06.2026 12:26
934

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......