Honor dünýäde iň inçe eplenýän smartfon Magic V5-i hödürledi

  • 03.07.2025 23:09
  • 3.4k+

Honor kompaniýasy Hytaýda Magic V5 eplenýän smartfonyny hödürledi. Öndürijileriň aýtmagyna görä, ol dünýäde şeýle gurluşlaryň arasynda iň inçesidir. Dünýä derejesinde tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolmagyna garaşylýar. Geň ýeri, kompaniýa täze smartfonyň tehniki aýratynlyklary barada doly maglumat bermedi diýip, The Verge ýazýar.

Ýapylan ýagdaýynda smartfonyň korpusynyň ýogynlygy 8,8 mm barabar, ýöne bu diňe ak reňkli görnüşine degişlidir. Galan reňklerde korpusyň ýogynlygy 9 mm bolup, bu Oppo Find N5-den (8,9 mm) köpdür. Şol bir wagtyň özünde, maglumatlar öňe çykýan kamera modulyny hasaba almaýar. Açylan görnüşde gurluşyň ýogynlygy 4,1 mm barabar.


Magic V5 smartfony Qualcomm-yň Snapdragon 8 Elite çipsetinde işleýär. Ýat: 12 ýa-da 16 GB operatiw we 256, 512 ýa-da 1024 GB içki. Hytaýda 6100 mA/sag, halkara wersiýasynda 5820 mA/sag sygymly batareýa ulanylýar. 66 Wt çalt we 50 Wt simsiz zarýad goldawy bar.
Smartfon täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan iki sany LTPO ekrany bilen üpjün edildi. Içki displeý – 7,95 dýuým (2352 × 2172), daşky – 6,43 dýuým (2376 × 1060). Smartfon IP58 we IP59 ülňüleri boýunça suwdan we tozandan goragly.
Kamera üç moduly öz içine alýar: 50 Mp esasy, 50 Mp giňburçly, 64 Mp teleobýektiw. 20 Mp frontal kamera her ekranda bar.
Smartfon şirmaýy, gara, “altyn säher” we gyzylymtyl-goňur reňklerde elýeterli.

Hytaýda Honor Magic V5 şeýle wersiýalarda elýeterli:

  • ·12/256 GB – 8999 ýuan (~1255 $)
  • ·16/512 GB – 9999 ýuan (~1395 $)
  • ·16 GB / 1 TB – 10 999 ýuan (~1535 $)



şu gün 22:13
4

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
9

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
57

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......