Lotereýadaky tehniki näsazlyk sebäpli müňlerçe norwegiýaly “millioner” boldy

  • 03.07.2025 14:26
  • 8.1k+

Eurojackpot ulgamyndaky tehniki näsazlyk sebäpli Norwegiýanyň onlarça müň ýaşaýjysy millioner bolandyryn öýdüp, emosional tolgunmany başdan geçirdi. Olar Norsk Tipping programmasynda hakyky utuşdan birnäçe müň esse ýokary bolan utuşy gördi.

Munuň sebäbi hem walýuta hasabyndaky ýalňyşlyk boldy: ulgam ýewrony krona öwürmegiň deregine, mukdary ýalňyşlyk bilen 100-e köpeltdi.
Netijede 41 000 töweregi adam birnäçe millionlyk utuş barada nädogry habar aldy. Bu ýalňyşlyk hem oýunçylaryň ynamyna täsir edip, kadr üýtgemelerine getirdi.
2023-nji ýylyň sentýabryndan bäri Norsk Tipping-iň baş direktory wezipesini eýeleýän Tonýe Sagstuen işden çekilýändigini habar berdi. Çözgüt müdirler geňeşiniň gyssagly mejlisinde kabul edildi.

“Ýolbaşçy hökmünde men bolup geçen waka üçin jogapkärçiligimi boýun alýaryn. Biziň toparymyz ýagdaýy düzetmek üçin gije-gündiz işledi, ýöne müşderileriň ynamy düýpli pese gaçdy” – diýip, Sagstuen aýtdy.

Bu eýýäm bir ýylda Norsk Tipping bilen baglanyşykly üçünji waka boldy. Mart aýynda kompaniýa jogapkärli oýun ulgamyndaky düzgün bozulmalar sebäpli 36 mln kron, aprel aýynda lotereýalardaky beýleki ýalňyşlyklar üçin ýene 46 mln kron möçberde jerime töledi.
Ýalňyşlyk sebäpli häzirki Eurojackpot-yň ýeňijisini kesgitlemek başartmady. Şol sebäpli indiki utuşyň baýrak gaznasy rekord 377 mln kron bolar.
Kompaniýada içerki amallary gözden geçirmek we geljekde şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin iş topary döredildi.


15.05.2026 11:33
3.2k+

Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....

13.05.2026 12:33
8.3k+

Norwegiýada alty ýaşly oglanjyk wikingleriň 1300 ýyllyk gylyjyny tapdy

Norwegiýaly alty ýaşly mekdep okuwçysy synpdaşlary bilen gezelenç wagty, takmynan, 1300 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wikingler döwrüne degişli gadymy gylyjy tapdy....

25.03.2026 13:06
10k+

Holand Norwegiýanyň iň gymmat kitabyny satyn alyp, ony dogduk mekanyna sowgat berdi

«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand öz ýurdunyň taryhyndaky iň gymmat kitap neşirini satyn aldy we ony dogduk mekany bolan Time munisipalitetine gowşurdy. Bu barada NRK we «Stavanger Aftenblad» neşirleri habar berýär...

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...