Norwegiýanyň häkimiýetleri dünýäde ilkinji ýörite deňiz gämileri üçin niýetlenen, dag toplumynyň içinden geçjek tuneliň gurluşyk meýilnamasyny tassykladylar. «Stad Ship Tunnel» taslamasy gämilere ýurduň kenarýakasynyň iň çylşyrymly we howply ýerleriniň birinden aýlanmaga mümkinçilik berer.
Norwegiýanyň parlamenti bu taslamany baryp, 2017-nji ýylda makullapdy, emma soňra çykdajylaryň artmagy sebäpli onuň amala aşyrylmagy sorag astynda galdy. Ýakynda bolsa gurluşygy dowam etdirmek barada karar kabul edildi.
Işleriň gymmaty 8,6 milliard norweg kronyna (takmynan 782 million ýewro) barabar bolar diýlip çaklanylýar. Desganyň uzynlygy takmynan 1,8 km, giňligi bolsa 37 m töweregi bolar. Bu geçelge uly gämiler, şol sanda uzynlygy 140 metre we suw sygymlylygy 16 müň tonna çenli bolan uly syýahat gämileri üçin niýetleniler.
Gurluşyga 2027-nji ýylda başlamak we bäş ýyldan tamamlamak meýilleşdirilýär. Taslama Stadlandet ýarym adasyndaky Stad burnunyň özboluşly aýratynlyklary bilen baglydyr. Bu sebit ýygy-ýygydan bolýan tupanlar we güýçli tolkunlar sebäpli Norwegiýada gämi gatnawy üçin iň howply ýerleriň biri hasaplanylýar. Guruljak täze tunel dag toplumynyň içinden geçýän goralan ugry ulanmaga mümkinçilik berer.