Holand Norwegiýanyň iň gymmat kitabyny satyn alyp, ony dogduk mekanyna sowgat berdi

  • 25.03.2026 13:06
  • 10k+

«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand öz ýurdunyň taryhyndaky iň gymmat kitap neşirini satyn aldy we ony dogduk mekany bolan Time munisipalitetine gowşurdy. Bu barada NRK we «Stavanger Aftenblad» neşirleri habar berýär.

Gürrüň 1594-nji ýylda çap edilen Snorre Sturlasonyň «Patyşalyk sagalary» kitaby barada barýar. 2025-nji ýylyň dekabrynda Holand kakasy Alfi bilen bilelikde bu nusgany 1,3 million Norwegiýa kronyna (takmynan, $134–135 müň) satyn aldy. Indi bu neşir munisipalitet kitaphanasynda saklanar we isleg bildirýänleriň ählisi üçin elýeterli bolar.

«Men hiç wagt kitap okamagyň uly muşdagy bolmandym, ýöne bu kitabyň elmydama elýeterli bolmagyny, meniň ýaşaýan ýerimden — Braýndan we Ýerenden bolan adamlar barada okap bilmegiňizi isleýärin» – diýip, futbolçy belledi.

Holand 25 ýaşynda. Ol 2022-nji ýyldan bäri «Mançester Sitide» oýnaýar. Klubuň düzüminde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy we iki gezek Angliýanyň çempionlygyny gazandy.

Häzirki möwsümde Holand ähli ýaryşlarda 43 oýna gatnaşyp, 30 gol geçirdi we ýedi goluň geçirilmegine goşant goşdy. Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa hüjümçi 48 oýunda 55 gol girizdi we ýurduň taryhynda iň gowy bombardir bolmagynda galýar.


19.06.2026 19:56
6.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

14.06.2026 22:32
4.3k+

Norwegiýada gämiler üçin dünýäde ilkinji geçelge gurlar: ol dag toplumynyň içinden geçer

Norwegiýanyň häkimiýetleri dünýäde ilkinji ýörite deňiz gämileri üçin niýetlenen, dag toplumynyň içinden geçjek tuneliň gurluşyk meýilnamasyny tassykladylar. «Stad Ship Tunnel» taslamasy gämilere ýurduň......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....