Norwegiýada alty ýaşly oglanjyk wikingleriň 1300 ýyllyk gylyjyny tapdy

  • 13.05.2026 12:33
  • 8.5k+

Norwegiýaly alty ýaşly mekdep okuwçysy synpdaşlary bilen gezelenç wagty, takmynan, 1300 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wikingler döwrüne degişli gadymy gylyjy tapdy.

Bu tapyndy Brandbu etrabynda ýüze çykaryldy. Henrik Refsnes Mortwedt atly oglanjyk ýerde poslan metal önümini görüp, ony ýerden galdyrdy we mugallymlaryna görkezdi. Mugallymlaryň arheologlara ýüz tutmagy netijesinde, tapylan zadyň wikingler döwrüniň irki tapgyryna degişli bir tarapy ýiti gylyçdygy tassyklanyldy.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ýarag müň ýyldan gowrak wagtlap ýer astynda galandygyna garamazdan, gowy ýagdaýda saklanypdyr. Häzirki wagtda bu gadymy tapyndy doly öwrenmek üçin Medeni-taryhy muzeýine tabşyryldy.

Barlaglar tamamlanandan soň, gylyjy muzeýe gelýänlere görkezmek meýilleşdirilýär. Arheologlar mugallymlaryň we okuwçynyň dogry hereketleriniň bu tapyndyny saklap galmaga kömek edendigini belledi: olar tapyndyny özbaşdak arassalamaga ýa-da saklamaga synanyşman, ony derrew hünärmenlere berdi.


22.06.2026 14:28
1.2k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......