Täze agent 007-niň keşbine dalaşgärleriň arasynda Tom Holland, Jeýkob Elordi we Harris Dikinson bar

  • 01.07.2025 19:10
  • 6k+

Amazon täze Jeýms Bonduň keşbi üçin 30 ýaşdan kiçi britaniýaly aktýor gözleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, dalaşgärleriň arasynda Jeýkob Elordi («Soltbern»), Tom Holland («Möý adam») we Harris Dikinson («Erbet gyz») bar. Elordiniň awstraliýaly bolmagy päsgelçilik döretmeýär: mundan ozal hem Bondy awstraliýaly Jorj Lezenbi ýerine ýetiripdi.
Variety neşiriniň belleýşi ýaly, ýaşy ulurak aktýorlaryň, mysal üçin, Aaron Teýlor-Jonsonyň (35 ýaş), Genri Kewilliň (42 ýaş) we Idris Elbanyň (52 ýaş) dalaşgärligi ýaşy sebäpli kän bir mümkin däl.
26-njy iýunda franşizanyň täze filmi üçin režissýor hökmünde Deni Wilnýowyň saýlanandygy mälim edildi. Ol bu wezipä Edgar Raýt, Pol King, Edward Berger we Jonatan Nolan ýaly meşhur režissýorlary ýeňip geldi.
Prodýuser Dewid Heýman ozal bu taslama Alfonso Kuarony çekmekçi bolupdy, ýöne ol beýleki taslamalara, şol sanda Şarliz Teron bilen düşürilýän «Jeýn» filmine gatnaşýandygy sebäpli, bu teklibi ret edipdi. Şeýle-de Kristofer Nolanyň ady hem agzaldy, emma ol häzirki wagtda Mett Deýmon we Tom Holland bilen «Odisseýanyň» ekranlaşdyrmasynyň üstünde işleýär.
Wilnýow hem häzirki wagtda başagaý: şu ýylyň ahyrynda ol «Dýuna: Mesih» filminiň düşürilişine başlamakçy. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň dekabryna meýilleşdirilýär. Onuň Bonda degişli baglaşan şertnamasy diňe bir filme degişli bolup, ahyrky montaža gözegçilik hukugyny öz içine almaýar.

 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......