Doktor Sýuzyň ertekisi esasynda “Pişik” multfilminiň ilkinji treýleri hödürlendi

  • 03.07.2025 18:17
  • 2.1k+

Warner Bros. Animation “Pişik” (The Cat in the Hat) multfilminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol Doktor Sýuzyň adybir ertekisiniň ekranlaşdyrmasydyr. Kinoteatrlarda premýera 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyna meýilleşdirilýär.

Sýužetiň merkezinde iki dogana täze şähere öwrenişmäge kömek edýän gürleýän Pişik durýar. Gahrymanlara Bill Heýder (“Ol 2”, “Barri”), Kinta Branson, Mett Berri, Jankarlo Espozito, Amerika Ferrera we beýleki aktýorlar ses berdi.
Animasion taslamanyň režissýorlary “Kung-fu Pandanyň” üstünde işlän Alessandro Karloni we “Borat 2” filminiň ssenarisi bilen tanalýan Erika Riwinoýýa boldy.
“Pişik” ertekisiniň iň belli wersiýasy 2003-nji ýyldaky filmdir. Onda baş keşbi Maýk Maýers ýerine ýetirdi. Film şeýle bir şowsuz boldy welin, Doktor Sýuzyň dul aýaly indi hiç haçan öz adamsynyň ertekileri boýunça çeper filmleriň düşürilmegine ýol bermezlik kararyna geldi. 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......