Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy

  • 01.07.2025 13:42
  • 10k+

Portugaliýanyň asmanynda seýrek atmosfera hadysasy – rulon görnüşli bulut peýda boldy. Bu hadysa Powoa-de-Warzin, Wila-du-Kondi, Figeýra-da-Foş we Owar sebitleriniň kenarlarynda dynç alýan adamlary hem haýran galdyrdy, hem gorkuzdy diýip, Notícias ao Minuto habar berýär.

Rulon bulut (volutus) beýleki bulutlardan bölünip aýrylan, uzyn silindr şekilli bulutdyr. Meteo Trás-os-Montes platformasynyň hünärmenleriniň düşündirişi ýaly, ol kenarýaka zolagynda ýyly we sowuk howanyň duşuşmagy netijesinde emele gelýär. Şeýle bulut ýokaryk galmaýar-da, keseligine ýaýrap, uly tolkun depesine meňzeýär.
Şeýle hadysalar Portugaliýa üçin seýrek bolsa-da, olara öň hem syn edilipdi. 1999-njy ýylda şeýle bulut Algarwe sebitinde peýda boldy. Şol wagt ol hakyky dowul döretdi – dynç alýan adamlar ony sunami hökmünde kabul edip, kenardan gaçmaga howlukdy.
Rulon bulutlary dünýäniň diňe bir sebitinde – Awstraliýadaky Karpentariýa aýlagynyň günortasynda yzygiderli hasaba alynýar. Bu ýerde olar morning glory cloud hökmünde belli bolup, aýratyn klimat we geografiki şertleriň netijesinde ýüze çykýar. 


09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

03.06.2026 12:21
9.4k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

13.05.2026 10:00
4.9k+

«L bilen V harpy hemmelere degişlidir!»: portugal brendi Louis Vuitton-a garşy kazyýetde ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň Licores do Vale brendi «L» we «V» harplary bolan logotipini hasaba aldyrmak meselesinde Louis Vuitton bilen bolan kazyýet dawasynda ýeňiş gazandy....

03.04.2026 20:20
7.4k+

Saharadan gelen gyzgylt ümür Türkiýäniň günorta kenaryny gurşap aldy

Afrikadan gelen çäge tozany Türkiýäniň günorta sebitlerine-de baryp ýetdi. Bu tebigy hadysa sebäpli asman adaty bolmadyk mämişi reňke bürendi we birnäçe şäherlerde aralyklary görmek kynlaşdy diýip, Anadolu......