«L bilen V harpy hemmelere degişlidir!»: portugal brendi Louis Vuitton-a garşy kazyýetde ýeňiş gazandy

  • 13.05.2026 10:00
  • 4.9k+

Portugaliýanyň Licores do Vale brendi «L» we «V» harplary bolan logotipini hasaba aldyrmak meselesinde Louis Vuitton bilen bolan kazyýet dawasynda ýeňiş gazandy.

Fransiýanyň meşhur kompaniýasy Monsan şäherçesinden bolan bu maşgala brendini özüniň firma stilini göçürmekde aýyplady we Louis Vuitton moda öýüniň logotipine gaty meňzeşdigini öňe sürüp, LV — Licores do Vale haryt nyşanynyň hasaba alynmagyna garşy çykdy.

Bir ýyldan gowrak dowam eden bu kazyýet işinde fransuz ägirdi portugal brendini «brendiň abraýyndan mugthor gurçuk ýaly peýdalanmakda» we «adalatsyz bäsdeşlikde» aýyplady.

Kazyýet dawasy logotipiň awtory Andre Ferreýra garşy gozgaldy. Onuň aýtmagyna görä, bu logotip aýaly Tanýa Afonso bilen bilelikde ýerli gönümel söwdalarda satýan şireli içgileri, mürepbeleri, ballary we kökeleri üçin döredilipdir.

Ilki  Portugaliýanyň Milli senagat eýeçiligi instituty brendi hasaba almagy makullapdy, emma Louis Vuitton kazyýet arkaly bu amaly wagtlaýyn togtadypdy. Netijede, kazyýet portugal kompaniýasynyň tarapyny tutdy.

Kazyýet kararyndan soň Licores do Vale wekilleri sosial torlarynda: «L we V harplary hemmelere degişlidir!» diýen ýazgy galdyrdylar we özlerini goldanlara minnetdarlyk bildirdiler.


22.06.2026 14:28
1.2k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......