Xiaomi-niň HyperOS 3 operasion ulgamy Apple-yň Liquid Glass stilinde çykarylar

  • 03.07.2025 14:54
  • 2k+

Xiaomi özüniň operasion ulgamynyň uly täzelenmesini – HyperOS 3-i taýýarlaýar. Täzelenmäniň Xiaomi 16 smartfonlar hatary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda hödürlenmegine garaşylýar.

Weibo platformasyndaky Digital Chat Station atly insaýder tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, HyperOS 3-üň esasy aýratynlyklaryndan biri Liquid Glass stilindäki täze dizaýn bolar. Bu dizaýn üçin Apple-yň iOS 26-syndan ylham alnan bolsa-da, Xiaomi-niň özüne mahsus usul bilen ýerine ýetirilýär.
Esasy üýtgeşmeleriň hatarynda dolandyryş merkeziniň täzeden düzülmegi, täze nyşanlar we ulgam programmalarynyň arasyndaky sazlaşygyň güýçlendirilmegi bar. HyperOS 3-de interfeýsdäki ýazgylaryň okalyp bilinmegine aýratyn üns berilýär. Täzelenen esasy ekranda aç-açan gözleg setiri, täzelenen batareýa we Wi-Fi nyşanjyklary hem-de has akgynly animasiýalar bolar.
HyperOS 3 Android 16-a esaslanar. Şeýle-de bolsa, käbir enjamlar tehniki aýratynlyklaryna görä Android 15-de galar.
Çaklamalara görä, bu täzelenme 96 enjamy öz içine alar. Olaryň 33-si Xiaomi-niň flagman modelleri, 44-si Redmi brendi bilen çykarylan enjamlar we galan 19-sy bolsa Poco brendi bilen baglanyşykly enjamlar bolar.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...